2021-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölüminiň bilelikde gurnamagynda birleşmäniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Bu dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ensiklopedik işi ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi hem-de halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan okyjylaryň giň toparyna niýetlenendir. Milli Liderimiziň 2009-njy ýylda başyny başlan ylmy işiniň dowamy bolan täze kitabynyň aýratyn ähmiýetini bellediler. Döwlet Baştutanymyz okyjylary ekilýän we ýabany ösümlikler bilen akademik nukdaýnazaryndan tanyşdyrýar. Olaryň suratlary, beýany, biologik aýratynlyklary, ösýän ýerleri, tebigy gorlary, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, taýýarlanyş we ulanyş usullary yzygiderlilikde getirilýär.“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitap türkmen ösümlik dünýäsiniň özboluşly ensiklopediýasy bolmak bilen şu geçen ýyllaryň içinde diňe ýurdumyzyň derman senagatynyň işgärleri we lukmanlary üçin däl-de, eýsem, kitabynyň dürli dillere terjime edilmegi netijesinde, onuň bilen tanyşdyrmak mümkinçiligine eýe bolan daşary ýurtly hünärmenler üçin hem bahasyna gollanma öwrüldi diýip bellediler. Dabara gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize türkmenistanlylaryň saglygyny goramaga berilýän ägirt uly üns hem-de olaryň bagtly we abadan durmuşda ýaşamagyna döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
TSTP