2021-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda,Milli Liderimiz tarapyndan durmuşa ornaşdyrylan sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen, “Ýurdumyzyň baş baýlygy” atly wagyz –nesihat çäresi geçirildi.
Çykyşlarda: Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy gün-günden ösýär, özgerýär, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri rowaç alýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş, sagaldyş we bedenterbiýe-sport desgalarynyň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Biz hem ýaşlaryň we telekeçileriň arasynda sagdyn-durmuş kadalaryny wagyz-nesihat etmek Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdary bolmak bilen, halkymyzyň saglygyny goramakda, ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly, bilimli, edep-terbiýeli, hünärli adamlar bolup ýetişmeklerine hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmek meselesine aýratyn üns berýär. ruhubelentligiň, sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdynda ýaşaýan halkymyzyň sporta hem bedenterbiýä höwesi barha artýar hem-de bu ugurda gazanylýan netijeler has-da ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de jemgyýetiň we her bir raýatyň döredijilik mümkinçiligini has-da doly açmagyna ýardam edýän durmuş gurşawynyň döredilmegine gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň: “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň çäksizdigini kepillendirýär. Saglygyň esasy girewi hasaplanýan bedenterbiýäniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy, sportyň dürli ugurlarynyň ösdürilmegi döwrümiziň özboluşly many-mazmunyna öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň saglygyny gorap saklamaga, aýratynda, ýaş nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmegine öz oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdymyzda sporty ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň birnäçesi kabul edildi. Şol maksatnamalar esasynda hem türkmen sportyny ösdürjek ýaş türgenleriň ýüze çykmagy ugrunda birnäçe işler alynyp barylýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler.
TSTP