Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza sowgat beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly täze kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy
2021-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza sowgat beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly täze kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Geçirilen bu dabarada çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz gije-gündiz halkyň aladasy bilen ýaşaýar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyň XIII jildiniň neşir edilmegi Milli Liderimiziň türkmen lukmanlaryna, tutuş halkymyza hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine özboluşly sowgady boldy. Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ensiklopedik işi ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi hem-de halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan okyjylaryň giň toparyna niýetlenendir diýip belläp geçdiler hem-de halkymyzyň abadan durmuşda, parahat ýaşamagy üçin uly alada edýän, saglygy goraýyş ulgamymyzy döwrebap şertler, baý ylmy tejribeler bilen kämilleşdirýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP