Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Howpsuz jemgyýet- bagtyýarlygyň özeni

          2021-nji ýylyň 27-nji iýulynda Türkmenabadyň pamyk egiriji fabriginde  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryndan, görkezmelerinden ugur alyp, “Howpsuz jemgyýet-bagtyýarlygyň özeni” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. 

          Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda  Garaşsyz ýurdumyzda geçirilýän çäreleriň ählisi “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgeden ugur almak bilen amala aşyrylýar. Hemmämiziň bilşimiz ýaly asuda, parahat, çar ýany gül-gülzar ýurdumyz bar, howpsuz  jemgyýetimiz bar. Howpsuz jemgyýetde adamlaryň hukuk-borçlaryna düşünip, birek-birege hormat, sylanyşyk, sarpa esasynda ýaşamagy jemgyýetiň öňküdenem berkleşmegine getirýär. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde sözlän sözünde: «...Siziň bilşiňiz ýaly, dürli jenaýatlaryň öňüni almak, olara şert döredýän ýagdaýlary hem-de sebäpleri ýüze çykarmak, seljermek, aradan aýyrmak, bu ugurda wagyz-nesihat, düşündiriş işleri bilen öňüni alyş çärelerini geçirmek harby we hukuk goraýjy edaralaryň, häkimlikleriň, geňeşleriň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki guramalaryň örän möhüm wezipeleri bolup durýar» diýip, belläp geçdi. Mähriban Arkadagymyz  şeýle diýmek bilen, diňe bir jenaýatçylygyň däl-de, dörejek jenaýatçylygyň öňüni almak babatdaky meseleleri öňe sürýändigini aýtdy diýdiler hem-de halkymyzyň geljegi ugrunda uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.   

 

TSTP