Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI: TUTUMLY IŞLER ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄR

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – HALK BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN BEÝIK IŞLER

    Türkmenistanyň...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR PREZIDENTIMIZIŇ MILLI DEMOKRATIÝASY

    Arkadag...

  • WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNY, HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNY NAZARLAÝAN TUTUMLAR

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Şu gün...

Başymyzyň täji – Watan!

 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 9-na Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň, TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň, welaýatymyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň we dini guramalarynyň bilelikde gurnamagynda “Batly gadam” hususy kärhanasynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryndan, görkezmelerinden ugur alyp “Başymyzyň täji – Watan!” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş eden wekillerimiz, dürli jenaýatlaryň öňüni almak, olara şert döredýän ýagdaýlary hem-de sebäpleri ýüze çykarmak, seljermek, aradan aýyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, sport bilen meşgullanmak, zyýanly endikleriň adamyň bedenine ýetirýän zyýany barada gürrüňler edildi. Ýurdumyzda alnyp barylýan işler biziň her birimiz üçin sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän, sport bilen meşgullanýan raýat bolmaga şert döredýär. Bu tagallalaryň bary ösüp gelýän ýaş nesli howp salýan ýaramaz endiklerden goramak, sagdyn ýaşaýşyň tagamyny bilýän sagdyn ruhly nesiller edip ýetişdirmek üçin edilýär diýip, Lukman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi atly ajaýyp kitabyndan saglyk barada birnäçe rowaýatlary gürrüň berildi. Sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy ýaş nesiller mydamalyk endik edinmelidir. Çünki munuň özi jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak goşantdyr. Hakykatdan-da, ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli bolmagy sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy, sagdyn durmuş saýlap almagy üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Duşuşygyň ahyrynda bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP