Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Pyragynyň paýhasy

            2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti Taryhy we Ülkäni öwreniş muzeýiniň kiçi mejlisler jaýynda “Pyragynyň paýhasy” atly maslahaty geçirdi. Maslahatda şahyryň döredijiligi barada giňden söz açylyp, halkyň dünýä hakyndaky oýlanmalary, dünýä düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňendigi, ol öz ykbalyny bagyş eden işinde günbe-günden kämilleşip, öz döwrüniň ussat şahyry hökmünde halkyň söýgüsini gazanandygy aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki in uly hyzmatlarynyň biri onuň agzybirlik ugrundaky tagallasydyr. Berkarar döwleti döretmek barada arzuw eden beýik şahyryň we akyldaryň röwşen umyt-ideýalarynyň hakdygyny taryh subut etdi. Şahyryň döredijiliginde agzybirlik, Watan, il-gün baradaky eserler esasy orun tutýar. Beýik şahyr öz halkynyň ykbaly barada ýakyndan alada edip, onuň erkinlik, özbaşdaklyk baradaky asylly arzuw-umytlaryny, isleglerini ussatlyk bilen beýan edipdir we halky agzybirlige çagyrypdyr. Magtymguly ata-babalaryň pentlerine we Firdöwsiden, Nyzamydan, Nowaýydan gaýdýan progressiw syýasy düşünjeleriň dessurlaryna wepaly adam hökmünde döwleti parasatly, bilimli we ynsanperwer hökümdaryň dolandyrmagy zerur diýip hasap edendigi barada hem aýdyldy. Magtymguly Pyragy Watana, halka wepaly bolmagy jemgyýetiň gözelligini ýüze çykarýan şamçyrag hasaplaýar, ol öz goşgularynda iliň-halkyň güýjüne mynasyp baha berýär diýip bellenildi.

Maslahata gatnaşyjylar beýik şahsyýete şeýle uly sarpa-hormat goýmakda nusgalyk mekdebi bolan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag,
ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.       

TSTP