Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň taryhy özgertmeleriniň hukuk binýady

    2021-nji ýylyň 13-nji maýynda “Bagtly zamana” hojalyk jemgyýetinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň taryhy özgertmeleriniň hukuk binýady” atly maslahat geçirildi.

    Bu maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasy! Türkmenistanyň Döwlet baýdagy! Bu sözlerde köňüllere joşgun, kalplara buýsanç eçilýän ýakym bar, mähir bar, söýgi bar! Bagtyýar halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen Baş Kanunymyz, al-asmanda, belentde parlaýan Döwlet baýdagymyz — erkinligiň, özygtyýarlylygyň nyşanydyr. Ak mermere beslenen belent binalaryň üstünde mylaýym şemala erkana parlaýan ýaşyl Tugumyz halkymyzyň köňül senasydyr. Baýdaga togap etmek — ýurt erkinligine, toprak mukaddesligine togap etmekdir. Çünki merdana milletimiziň milli ýol-ýörelgelerinde tug mukaddesligi aýratyn orny eýeleýär. Ata-babalarymyz «Tug», «Baýdak» ýaly buýsançly sözleriň üsti bilen bu mukaddeslige egsilmez söýgüsini, çäksiz wepasyny beýan edipdirler.

    Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Baş Kanunymyzda raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny ygtybarly goramagyň hem-de adalatly, ynsanperwer jemgyýeti gurmagyň möhüm kadalary doly berjaý edilýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Konstitusiýasy ynsan mertebesini belende götermekde, raýatlaryň azat we erkana durmuşyny üpjün etmekde, watandaşlarymyzyň halal, öndürijilikli zähmet çekmek baradaky mizemez hukuklaryny kepillendirmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar diýip bellediler.

    Çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, belent tutumly işlerinde egsilmez rowaçlyklary arzuw etdiler!

TSTP