2021-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde “Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2017-2021-nji ýyllar üçin Meýilnamasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen hem-de Bütindünýä temmäkä garşy göreş güni mynasybetli “Sagdyn jemgyýet-berkarar döwlet” atly maslahat geçirildi.
Geçirilen bu maslahatda çykyş edenler öz çykyşynda Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edip, Garaşsyz ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň ählisi “Döwlet adam üçindir.” diýen ýörelgeden ugur almak bilen, ýaramaz endiklere garşy göreşiň üstünlikli bolmagynyň esasy kepili bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeginde sport bilen meşgullanmak üçin, saglygyňy dikeltmek üçin ähli şertler döredilendir. Adam üçin iň gymmatly zat saglykdyr. Şonuň üçin saglygymyzy goramalydyrys, sport bilen yzygiderli meşgullanmalydyrys. Eziz Arkadagymyzyň edýän hossarlyk aladalaryna jogap edip, ýaşlaryň bu howply nogsanlyklaryň garşysyna berk göreş alyp barmalydyklaryny gazanmalydyrys we olary watansöýüji nesiller edip ýetişdirmelidiris, zyýanly endiklerden gaça durup, boş wagtlaryny peýdaly işlere sarp etmäge çagyrmalydyrys. Geçirilen bu maslahatda alkogol önümleriniň we zyýanly endikleriň ynsan ömrüne ýetirýän ýaramaz täsiri hakynda hem giň gürrüň etdiler.
“Il saglygy-ýurt baýlygy” diýen ýörelgäni döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň birine öwrüp, halkymyzyň saglygy ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun! diýip öz çykyşlarynda aýtdylar.
TSTP