Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Nusga bolup galar - nesillerimize

     Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda milli amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eseriniň - hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň işläp bejeren kürtesiniň muzeýe gowşurylmagyna bagyşlap, “Nusga bolup galar nesillerimize” atly maslahat geçirildi.

     Geçirilen bu maslahat çykyş edenler gadymdan gelýän milli ýol-ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň bu gün mynasyp dowam etdirilýändigini aýdyp, Ogulabat ejäniň bejeren kürtesiniň üstünden ýarym asyr geçse-de, onuň özüniň asyl nusgasyny saklap galandygyny belläp, reňkleriniň ýitiligini, nagyşlarynyň nepisligini, özüniň ajaýyplygyny ýitirmändigi bilen biziň günlerimize çenli saklanyp galmagynyň bu kürtä Ogulabat ejäniň ýürek mährini siňdirendigini, el işlerinden ussatlyk bilen baş çykarýandygyny, millilige aňryýany bilen düşünýändigini görkezýändigini, munuň bolsa ähli türkmen gelin-gyzlaryna nusga alarlykdygyny aýratyn nygtadylar. Ogulabat ejäniň öz eli bilen ören joraby hem ussatlyk bilen örülipdir, oňa öz döwrüniň mahsus nagyşlary salnypdyr. Şeýle nepis el işleriniň bu ajaýyp zenan tarapyndan ýerine ýetirilmegi onuň işeňňirliginden, zähmetsöýerliginden habar berýär. Eli hünärli Ogulabat eje milletiň medeni ýolýörelgesini dowam edýän, ony has kämilleşdirmäge ymtylýan gelin-gyzlarymyz üçin uly görelde mekdebidir, ýaşaýşymyzyň ruhy sütünidir diýdiler. Ene-mamalarymyzdan gözbaş alyp gelýän asylly däplerimize uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun! diýip öz çykyşlarynda aýtdylar.

TSTP