“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzda telekeçileriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek we giňden ornaşdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gurnamagynda “Adam saglygy-döwlet syýasatymyzyň esasy ugry” atly maslahat gecirildi. Maslahata Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatda Aşgabat şäheriniň 7-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Aýsona Allaberenowa öz çykyşynda, lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda kabul edilen “Saglyk” maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdi.Şeýle-de şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi islendik möwsümde ýüze çykyp biljek ýokanç keselleriň öňüni alýandygy nygtady.
Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň wekili Mekan Orusow öz çykyşynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerin ygrarly bolmak, şeýle-de ýol hereket howpsyzlygyny berjaý etmek barada giňişleýin durup geçdi.
TSTP