2021-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň mejlisler jaýynda “Jemgyýetiň sagdynlygy-döwletimiziň pugta binýadydyr” atly maslahaty geçirildi.
Duşuşygy alyp bardy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy M.Goçmedow we öz çykyşynda saglyk ynsan durmuşynda iň esasy zerurlyklaryň biridigini, saglyk durmuşyň bitewüligini, jemgyýetiň sazlaykly ösüşini üpjün edýär diýip, islendik jemgyýetiň okgunly ösüşleri raýatlaryň sagdyn durmuşynyň keşbi bilen berk baglanyşyklydyr diýip belledi. Hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden ýurdumyzyň saglyk ulgamyny ösdürmek baradaky başlangyçlary öňe sürmegi netijesinde örän uly işler durmuşa geçirildi we geçirilýär diýýip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet Maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berdi Ata Watanymyzyň obadyr şäherlerinde döwrebap lukmançylyk merkezleriniň ençemesi gurlup ulanylmaga berildi. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän anyklaýyş, bejeriş enjamlary bilen üpjün edilen oba, şäher saglyk öýlerinde, köpugurly hassahanalarda, Halkara anyklaýyş we bejeriş merkezlerinde tejribeli hünärmenler halkymyzyň saglygyny bejermekde döwrebap hyzmaty ýerine ýetirýärler diýip belledi.
Duşyşyga gatnaşanlar bagtyýar zamanada ýaşaýan halkymyzy belent sepgitlere, nurana ertirlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!
TSTP