Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI: TUTUMLY IŞLER ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄR

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – HALK BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN BEÝIK IŞLER

    Türkmenistanyň...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR PREZIDENTIMIZIŇ MILLI DEMOKRATIÝASY

    Arkadag...

  • WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNY, HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNY NAZARLAÝAN TUTUMLAR

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Şu gün...

Ýaş telekeçiler biziň buýsanjymyzdyr

2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler  birleşmesiniň edara jaýynyň mejlisler zalynda    Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň  gurnamagynda tehnologik ösüş we bazar gatnaşyklaryna geçilýän häzirki döwürde ýaşlaryň giň toparyny telekeçilik işine çekmek maksady bilen, “Ýaş telekeçiler biziň buýsanjymyzdyr” atly düşündiriş işlerini geçirmek barada wagyz-nesihat  duşuşygy  geçirildi.  

        Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny öňdebaryjy tehnalogiýalar bilen üpjin etmekde, ýokary hilli, halkara bazarynda bäsleşige ukyply önümleri öndürmekde hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde alnyp barylýan giň gerimli işlerde telekeçilerimiziň öňünde uly wezipeler durýar. Ýurdumyzyň telekeçileri öz öňlerinde durýan şeýle wezipelere oňat düşünmek bilen, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda, şol sanda senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda, syýahatçylyk pudagynda, söwda hem-de durmuş hyzmatlary ulgamlarynda, şeýle-de beýleki ugurlarda guwandyryjy işleri alyp barylýar. Ýeri gelende aýtsak, munuň özi Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna mynasyp goşant bolup durýar.  

        Çärä gatnaşanlar, bize şular ýaly halal zähmet çekmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri  döredip berýän  Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar we Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolup, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP