Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

Kämil Kanun – Kämil jemgyýet

2021-nji ýylyň 5-nji fewralynda TSTP-niň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Ýigit” hojalyk jemgyýetinde “Kämil Kanun – Kämil jemgyýet” atly maslahaty geçirildi.

Bu maslahaty TSTP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygy Oguljeren Kazakowa alyp bardy we giriş sözi bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Hormatly Prezidentimiziň hususy pudagy ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, telekeçiligi goldamak boýunça döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanmagyna we ony iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrylmagyna giňden ýardam berilmegine, Telekeçilik işini alyp barmak bilen bagly kanunçylyk namalary dogrysynda şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän nusgalyk eserlerini barada aýdylyp geçdi.

Soňra “Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanalar toplumynyň müdiri Maksat Şirow çykyşy edip, Mähriban Arkadagymyzyň bu ugurdaky ynsanperwer syýasatynyň, beýik başlangyçlarynyň, taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda hususyýetçiligiň ösdürilmegi ugrunda edýän uly tagallalary üçin ähli telekeçileriň adyndan köp sag bolsun aýdýarys we Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, belent tutumly işlerinde egsilmez rowaçlyklary arzuw etdi.

TSTP