Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda, Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak we onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerlerde halkymyz bilen geljek ýylyň şygary maslahatlaşmak maksady bilen duşuşyk geçirildi.                                                        

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmagyň we ýylyň nyşanyny döretmegiň indi däbe öwrülendigi, munuň özüniň bolsa Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer döwlet syýasatyny we depginli ösüşlerini dünýä ýaýmakda, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda, durmuş üpjünçiligini pugtalandyrmakda, raýatlarymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrmakda, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. 

         Maslahatdaky çykyşlarda beýan edilişi ýaly, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymatlary baş ýörelge edinýän Türkmenistan durmuş ugurly döwlet syýasatyny alyp barýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak ugrunda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn özgertmeler, ilkinji nobatda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. 

         Türkmenistanyň Bitaraplyk ýyllary içinde milli derejede we halkara möçberinde gazanan üstünlikleri, ýeten derejeleri halkymyzyň taryhy ösüş ýolunyň, milli döwletlilik taglymatynyň dogry saýlanyp alnandygyna güwä geçýär. Şu ýörelgeler hem türkmen döwletiniň halkara abraýyny arşa çykardy. 

         Maslahatda çykyş edenler 2025-nji ýylyň şygarynyň we nyşanynyň ýurdumyzyň döwlet berkararlygynyň, abadançylygynyň, täze eýýamda gazanýan üstünlikleriniň, jemgyýetimiziň jebisliginiň beýany bolup, eziz Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerine halkymyzyň ýürek buýsanjyny artdyrjakdygyny aýratyn bellediler. Şeýle hem ýurdumyzyň alyp barýan nusgalyk işlerini dünýäde giňden wagyz etmek we asylly ýörelgeleri geljek nesillere ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýetlidigi bellenildi. 

         Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz Diýarymyzy ösüşiň täze derejesine çykaran, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ugrunda alada edýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP