Şu gün Daşoguz Maliýe we ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň gurnamagynda ata – babalarymyzyň parasatly ýörelgelerini özünde jemleýän, ahlaklylyga aýratyn ähmiýet berýän ruhy mirasymyzy ýaşlaryň arasynda giňden ündew etmek maksady bilen «Beýik Pyragy – Döwletmämmet Azadynyň ussat şägirdi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebiýatyň altyn hazynasyna giren gymmatly edebi mirasy alymlar tarapyndan öwrenilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýokary baha berip: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr» diýip belleýär. Pyragynyň şygyrlarynda, esasan, watançylyk,bagtyýarlyk, gahrymançylyk, dostluk, päk ahlaklylyk ýaly pikirler öňe sürülýär. Gahryman Arkadagymyz özüniň goşgusynda bularyň hemmesini «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip, iki setire sygdyrypdyr, we bu ajaýyp şygyry bolsa . Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine uly sowgat boldy diýip duşuşyga gatnaşanlar aýratyn belläp geçdiler. Wagyz-nesihat duşuşygynda halkymyzy gülläp ösmeginde we dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan bimöçber işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.
TSTP