Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň guramagynda «Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli we döredijilik taglymatlaryny ilerledýär» atly maslahat geçirildi.
Maslahatda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň abadan ýaşaýşyna gönükdirilýän bagtyýar durmuşy ugrunda edilýän tagallalar, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli we döredijilik taglymatlaryny ilerledýär atly geçirilen maslahatyň dowamynda çykyş edenler parahatçylyk, söýüjilik, hoşniýetli we döredijilik taglymatlary baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülenligi giňişleýin belläp geçdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hakymyzyň abadan ýaşaýşyna gönükdirýän beýik işleri rowaçlyklara beslenmegini we ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan döwletli işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.
TSTP