Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI: BAGTYÝAR DURMUŞYŇ WE SAZLAŞYKLY ÖSÜŞIŇ UGRY BILEN

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi: bagtyýar durmuşyň we sazlaşykly ösüşiň ugry bilen» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygyna Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň bady artýar. Raýat jemgyýetimizde milli demokratik ýol-ýörelgelerimizi has-da kämilleşdirmek bilen bagly giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Ajap eýýamymyzda ýetilen belent sepgitleri, öňde durýan wajyp wezipeleri halkyň wekilleri bilen maslahatlaşmak we bähbitli netijelere gönükdirilen çözgütleri kabul etmek gadymy halkymyzyň asylly däpleriniň birine öwrüldi. 

Beýik Garaşsyzlygymyzyň uly toýunyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakasy boldy. Bu ählumumy foruma gatnaşyp, taryhy wakanyň şaýady bolmak guwanjymy goşalandyrdy. Guramaçylykly we işjeň ýagdaýda geçen mejlisde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmegiň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çuň manyly çykyşlary mejlise gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Bu mejlisde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň anyk wezipeleri kesgitlenilip, olaryň oňyn çözgütleri kabul edildi. Gadymy halkymyzyň möhüm meseleleri il-gün bilen maslahatlaşyp çözmek ýörelgesi bar. Köp asyrlaryň tejribesinden gözbaşly milli demokratiýamyzyň bu asylly däbi Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratynam, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň, giň möçberli özgertmeleriniň netijesinde içeri we daşary syýasatda, ykdysadyýetiň ähli pudagynda we durmuş ulgamynda belent sepgitlere ýetilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibinde seredilen meseleler, öňde goýlan wezipeler we kabul edilen döwletli çözgütler ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmekde alnyp barylýan ägirt uly işleriň aýdyň güwäsi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň raýatlaryň eşretli ýaşaýşy, Watanymyzyň gülläp ösüşi ugrunda edýän taýsyz tagallalary biziň her birimizde buýsanç duýgusyny döredýär.

TSTP