Şu günler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň ilkinji guramalarynda zähmet çekýän işçi-hünärmenleriniň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetine, ýakyn günlerde geçiriljek umumymilli forumyna taýýarlykly barmakda öňde duran wezipelere bagyşlanan düşündiriş işleri geçirilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilýän duşuşyklarda täsirli çykyşlara giň orun berilýär.
Garaşsyz Watanymyzyň bu günki ösüşleri, döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler bilen bagly gürrüňe hem uly ähmiýet berilýär. Çykyşlarda ýurdumyzy ösüşleriň belent derejelerine çykarmakda, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň aýratyn ornunyň boljakdygy, şoňa görä-de, oňa ýokary taýýarlyklar bilen barmagyň möhümdigi dogrusynda giňişleýin durlup geçilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadyp, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da ýokarlanmagy ugrunda buýsanja mynasyp işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
TSTP