Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Saýat etrabynyň Sakar şäherçesiniň Medeniýet öýünde «Türkmenistanyň Halk maslahaty – belent maksatlaryň gözbaşy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň içeri we daşary syýasat ugurlarynda ägirt uly ösüşler, öňegidişlikler gazanylýar. Ýurdumyzda halk häkimiýetliliginiň — milli demokratiýanyň aýdyň ýüze çykmasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi jemgyýetimiziň jebisliginiň, döwlet berkararlygymyzyň barha berkeýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adam hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, jemgyýetçilik pikirini nazara almak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň ýörelgeleridir.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň çuňňur oýlanyşykly başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi örän netijeli çözgüt boldy. Çünki agzybir halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän bu ýokary edara ýurdumyzy ösdürmekde öňde durýan möhüm wezipeleriň oňyn çözgütlere eýe bolmagynda halkyň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmäge şert döretdi. Halkymyzyň milli ýörelgeleriniň birine öwrülen geňeş etmek däbiniň täze taryhy eýýamda döwlet derejesinde belentden dabaralanýandygyny alamatlandyrýan Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkyň bähbidine amala aşyrylýan beýik işleriň dowamata atarylýandygyny alamatlandyrýar. Halkymyzyň «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» diýen pähimi esasynda, halk bilen başlanan belent maksatly tutumlar ata Watanymyzy şan-şöhrata, beýik ösüşlere besleýär. Bu bolsa ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerimiz esasynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň nobatdaky beýanydyr.
Milli demokratiýanyň dabaralanýan döwründe hususyýetçileriň mähriban Watanymyza, türkmen halkynyň Milli Liderine, Arkadagly Gahryman Serdarymyza söýgi-buýsanjy çäksizdir.
TSTP