Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

GELEJEGI ŞÖHRATLY, PAÝHASLY ÝAŞLAR

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Owadan ülke» hojalyk jemgyýetinde zähmet çekýänýaşlaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda «Gelejegi şöhratly, paýhasly ýaşlar» atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi. 

Gahryman Arkadagymyzyň döwet-galamyndan kemala gelen eserleri ynha ençeme ýyllardan bäri teşne kalbymyzy gandyryp, bize hakyky türkmen, beýik türkmen bolmaklygyň nusgasynyň beýany bolup gelýär. Bular barada, şol sanda, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly kitapda eriş-argaç beýan edilýär. Bu gün türkmeni älem-jahan tanaýar. Çünki Alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan, ýiti zehininden, ýürek ylhamyndan kemala gelen eserleri dürli daşary ýurt dillerine terjime edilip ylmy taýdan öwrenilýär, il-halka wagyz edilýär, uly höwes bilen okalýar. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bolup, ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak hazyna, ummasyz gor bolup çykyş edýär. Bu ajaýyp eser durmuşda özüňe ýol-ýörelge edinen edim-gylymlaryň, görüm-göreldäň barada çuňňur oýlandyrýar. Onuň her bir bölüminde türkmen halkynyň milli döwletlilik ýörelgesiniň özboluşly aýratynlygy, şöhratly taryhymyzyň mizemezligi, asylly däp-dessurlarymyzyň many-mazmuny doly açylyp görkezilýär. Olaryň ählisi ýaş nesle bilim we terbiýe bermegiň gymmatly çeşmesi bolup çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby ata Watanymyza, ene topragymyza, şöhratly taryhymyza, asylly ýol-ýörelgelerimize hormat goýmagyň we olary sarpalamagyň belent nusgasydyr. Hut şonuň üçinem watansöýüji, zähmetsöýer nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde bu kitabyň ähmiýeti juda uludyr. Şol sebäpden hem Alym Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseri – terbiýeçilik işinde gymmatly çeşmedir. 

Ýaşlaryň bagtyýar geljegi üçin beýik özgertmeleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

TSTP