Şeýle şygar astynda şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda “Mesi” hojalyk jemgyýetinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çäre hojalyk jemgyýetinde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy.
Duşuşykda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurdumyzda eýeleýän möhüm orny dogrusynda belläp geçdiler. Şeýle-de şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýurdumyzyň geljekki ösüşindäki ähmiýeti hakynda giňişleýin bellenilip geçildi. Şeýle hem duşuşyk Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan döwletli işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.
TSTP