Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda milli senetçiligi we zenanlaryň el hünärini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-ündew etmek maksady bilen “El hünäri ýörelge – ulus ile görelde” atly düşündiriş-wagyz işleri geçirildi.
Milli medeni mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak, mundan beýläk-de baýlaşdyrmak türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet taglymatyny kemala getirmek Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan köpugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Özboluşly medeni mirasymyz halkymyzyň aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamydyr. Türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu nepis sungatyň ägirt uly ähmiýete eýediginiň subutnamasydyr. Türkmen halkynyň eli çeper zenanlarynyň, şol sanda görelde mekdebi ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlaryň we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň, türkmen halkynyň döredijilik kuwwatynyň, milli medeniýetiň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berilýär. Milli keşdeçilik sungaty, has takygy, türkmen zenanlarynyň el hünäri milli medeni gymmatlyklaryň aýrylmaz bölegidir. Aýratyn-da, türkmen zenanlarynyň döreden keşdeçilik we haly sungatynyň, el hünäriniň ýaşlaryň arasynda giň meşhurlyga eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalar edilýär.
Türkmen halkynyň örän baý taryhy-medeni mirasy, Watanymyzyň ruhy ösüşiň belentliklerine tarap okgunly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan beýik tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
TSTP