Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan “Türkmenistanyň Halk Maslahaty: beýik döwrüň belent maksatlary” atly maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga “Tämiz” hojalyk jemgyýetiniň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Täze döwrüň belent maksatly ösüşlerine barýan aýdyň ýolda döwlet durmuşyna degişli wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak ýaly asylly ýörelge berkarar Watanymyzda mizemez däp hökmünde dowam edip gelýär. Ynha, şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahaty halkymyzyň bagtyýar hem-de abadan durmuşyna gönükdirilen beýik maksatlary öňde goýan bu taryhy Maslahat uzak geljegi nazarlaýan döwletli tutumlara badalga berer.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary esasynda il bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütler ara alyp maslahatlaşylar. Bu çözgütler “Döwlet adam üçindir!” diýen ajaýyp şygaryň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Biz hem iri jemgyýetçilik guramasynyň wekilleri hökmünde halkymyzyň, esasan-da, telekeçileriň arasynda wagyz etmekde mundan beýläk-de öz yhlasymyzy gaýgyrmarys.
Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk-de rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
TSTP