Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Ýaşlara ynam – röwşen gelejege ynam

2024-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti Telekeçi G.Orazowyň önümçilik sehinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek we olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak baradaky wesýetlerini we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplaryndaky öwüt-ündewlerini durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen  “Ýaşlara ynam – röwşen geljege ynam” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çykyşlarda: Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda parahatçylygyň, asudalygyň, abadançylygyň mekany hökmünde at-owazasy älem jahana dolan ýurdumyzda ýaş nesillere ylym we bilim bermekde zerur bolan ähli şertleriň döredilýändigi, ýurdumyzyň ylmy innowasion ösüşiniň geçen taryhy ýoly, dünýäniň ylmy gazananlarynyň jemgyýetimize yzygiderli ornaşdyrylyşy dogrusynda çykyşlar diňlenildi. Şeýle hem islendik döwletiň çalt depginlerde we durnukly ösüşi ylym-bilimiň ösdürilmegi bilen aýrylmaz baglydygy, şonuň üçin hem döwletimizde ylmyň we tehnikanyň giň gerimde ösdürilmegine iňňän uly üns berilýändigi baradaky çykyşlara aýratyn ähmiýet berildi.

        Täsirli geçen maslahat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň erkana okamaga, öwrenmäge, bilim almaga, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylan alkyş sözleri bilen jemlendi.

TSTP