Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Kalpda ylham, dilde joşgun, asuda Watan bagtyýar, Arkadagly Serdar bilen milli medeniýet bagtyýar

2024-nji ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti “Mähriban obam” hususy kärhanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli  “Kalpda ylham, dilde joşgun, asuda Watan bagtyýar, Arkadagly Serdar bilen milli medeniýet galkynýar”  atly duşuşygy geçirildi.

Çykyşlarda :  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň  Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda taryhy özgerişlere beslenýän tutumly işler giň gerime eýe bolýar. Döwletli Diýarymyzda  milli medeniýetimiz we sungatymyz ösüşiň täze belentliklerine göterilip, jemgyýetiň agzybirligini we bitewiligini berkitmäge, raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge uly ýardam berýär. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da kämilleşmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Medeniýet hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy sütünleriniň biri hasaplanylýar. Ösen döwletden, jemgyýetden üzňe göz öňüne getirip bolmaýan bu sütüniň kökleri taryhyň alys çuňluklaryndan gözbaş alýar. Çünki, biziň Watanymyz müň ýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan gadymy medeniýetiň, ylmyň, bilimiň ojagy hasaplanylýar. Oňa bütin dünýä nusgalyk maddy we ruhy gymmatlyklarymyz, milli  däp-dessurlarymyz şaýatlyk edýär. 

Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzyň medeni durmuşynda şanly waka — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly bellenilýär. Bu goşa baýramy bilelikde bellenilmeginiň özboluşly manysy bardyr. “Berkarar döwlet istärin” diýip, halkyň parahat durmuşyny, döwletiň berkararlygyny arzuwlan akyldar şahyryň döwletlilik hakyndaky arzuw-islegleri Gahryman Arkadagymyzyň ulus-ilimize beren döwletli döwranynda hasyl boldy. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanly senesiniň uludan bellenilmegi türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan belent hormat-sarpasyndan nyşandyr.

Goý, ýurdumyzy gülledip ösdürýän, Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny ýokary göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt, umumy adamzat bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

TSTP