Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähir yhlasyndan gujur gaýratyndan kemala gelen Arkadag şäheri

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler zalynda “Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähir yhlasyndan gujur gaýratyndan kemala gelen Arkadag şäheri” atly dabaraly maslahat duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletiň ösüşiniň täze tapgyrynda mähriban Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, ýurdumyzda binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap obalary, şäherçeleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn we gyradeň ösdürmekde, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde amala aşyrylýan işler Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

 Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de şäher gurluşygy we binagärlik sungaty babatdaky ýiti zehini bilen Arkadag şäheriniň häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary we beýleki binalar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda gurlup ulanylmaga berildi. Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän täze şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalara esaslanýan “akylly şäheriň” aýdyň nusgasydyr.

Ähli amatlyklary özünde jemleýän, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelýän bagtyýar maşgalalaryň şatlyklarynyň buýsançlarynyň çägi ýok. Täze jaýlaryň otaglary bilen bir hatarda, olaryň aşhanalary döwrüň talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrylan. Täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden bagtyýar maşgalalar bu binalaryň häzirki zaman talaplaryna bolşy ýaly, halkymyzyň milli ruhuna doly kybap gelýändigini aýratyn nygtaýarlar. Şol bir wagtyň özünde täze şäheriň köçelerinde jemgyýetçilik ulagynyň ekologiýa taýdan arassa görnüşleriniň hereket etmegi bu künjekde amatly howa gurşawynyň saklanmagyny şertlendirýär. Täze şäherde milli saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap binalarynyň gurlandygyny bellemek gerek diýip maslahata gatnaşanlar öz çykyşlarynda belläp geçdiler. 

Maslahatyň ahyrynda maslahata gatnaşanlar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmek ugrynda alyp barýan, türkmen halkynyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP