Döwletiň, jemgyýetiň her bir babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň näderejede ösýändigine bagly bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň ekologiýa taýdan arassa abadan bolmagy ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti we Arkadag şäheriniň daşky gurşawy goramak müdirligi, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde ýurdumyzda daşky gurşawy goramakda alnyp barylýan dünýä nusgalyk işleri, ösüp gelýän ýaş nesillerimizde tebigata bolan söýgüni, ekologiýa medeniýetini artdyrmak hem-de her ýylda giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri” atly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän mümkinçilikleri üçin sagbolsunlaryny we alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP