2024-nji ýylyň 30-njy maýynda Daşoguz welaýatynyň Taryhy we Ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda ýaşlaryň gatnaşmagynda Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, “Halk kalbynda baky orun alan şahyr” atly şygar astynda gezelenç gurnaldy.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen dowamat dowam Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen halkynyň medeniýetini, onuň ruhy dünýäsini, medeni mirasyny, dünýä tanatmak ugrunda taýsyz tagallalary bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy has-da belende göterildi. Şahyryň döredijiliginde ýaşlara öwüt-ündew, terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Pyragynyň şygyrlarynda, esasan, watançylyk, bagtyýarlyk, gahrymançylyk, dostluk, päk ahlaklylyk ýaly pikirler öňe sürülýär. Milliligimizi, däp-dessurymyzy dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan bimöçber işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
TSTP