Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Gül Watanyň buýsanjy siz çagalar

2024-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda “Bagt köşgi” toý-dabaralar merkezinde Çagalary goramagyň halkara  güni mynasybetli Mary şäheriniň orta mekdeplerinde okaýan we çagalar baglarynda terbiýelenýän doly ýetim çagalaryň gatnaşmaklarynda “Gül Watanyň buýsanjy siz çagalar!” atly aýdym – sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Çagalary goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem  giň möçberli dabaralar we medeni çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazly dabaralar uly joşguna beslenýär. 

Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň asuda durmuşda abadan ýaşamagy üçin ägirt uly  mümkinçilikler döredilýändir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesillere asuda durmuşy kepillendirmek ugrunda edýän aladalary hem munuň aýdyň görkezijisi bolup durýar. Durmuşymyzyň gymmaty we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän atalyk aladalary  üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

TSTP