Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI: TUTUMLY IŞLER ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄR

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – HALK BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN BEÝIK IŞLER

    Türkmenistanyň...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR PREZIDENTIMIZIŇ MILLI DEMOKRATIÝASY

    Arkadag...

  • WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNY, HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNY NAZARLAÝAN TUTUMLAR

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Şu gün...

Hususy pudak ösüş ýolunda

Döwletiň, jemgyýetiň her bir babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň näderejede ösýändigine bagly bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky aladany hem öz içine alýar. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň iň soňky gazanan tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýaş nesli kemala getirmek we olary iş bilen üpjün etmek aýratyn orun alýar. 2024-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan “Ýelken” hususy kärhanasynda “Hususy pudak ösüş ýolunda” atly maslahat duşuşygy geçirildi. Ýaşlary telekeçilige çekmek, iş bilen üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem ýaş nesillerimiziň  alan hünär bilimini önümçilikde Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda türkmen telekeçileriniň has-da ösdürilmegi, hususy telekeçilere döwlet tarapyndan giň goldaw-hemaýat berilmegi we ýaş telekeçileriň ýurduň ykdysadyýetine goşýan goşantlary barada aýdyldy. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ýaşlary telekeçilik işine çekmek, ýaş nesillerimiziň alan hünär bilimini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylym we döredijilik ugurlarynda has-da oňaýly peýdalanmaklary üçin öňde goýlan maksatlar bellenilip geçildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar  ýaşlara telekeçilik işini alyp barmakda  giň mümkinçilikler döredip berýän Hormatly Prezidentimize öz sagbolsunlaryny we alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP