Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komiteti tarapyndan şu ýylyň 25-nji aprelinde Magtymguly etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Behişdi bedewi halkymyzyň köpasyrlyk baýlygydyr” atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Ahalteke atlary gaýtalanmajak gözelligi, ajaýyplygy, ýyndamlygy, çeýeligi we çydamlylygy bilen dünýäde şan-şöhrata eýe bolýar. Waspy belentden ýetirilýän behişdi bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjy bolmak bilen, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan çäksiz goşandydyr. Häzirki döwürde ahalteke bedewleri ýurdumyzyň baş nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwaty bilen täze belentliklere tarap öňe gitmeginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Taryhy we häzirki zaman maglumatlaryny ylmy taýdan seljermegiň, baýlaşdyrmagyň netijesinde behişdi bedewler barada döredilen ajaýyp kitaplar Milli Liderimiziň jöwher paýhasyna degişlidir. Uly meşhurlyga eýe bolan bu eserler dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, daşary ýurtly okyjylar, ahalteke bedewleri bilen gyzyklanýan hünärmenler we alymlar üçin hem elýeterlidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirmek bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz behişdi bedewlere aýratyn sarpa goýýar, milli atşynaslyk pudagyny täze belentliklere çykarýar, ýurdumyzda bedewleri ösdürip ýetişdirmek we olary seýislemek bilen meşgullanýan, milli gymmatlyk hökmünde nesilden-nesle geçirilip gelinýän atlaryň nesil ugruny mynasyp dowam etdirýän ussat atşynaslar, seýisler sarpalanylýar. Bu asyl däpler häzirki döwürde ösüşiň täze derejesine çykarylýar, atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Türkmen atşynaslygynyň bu ugurdaky halkara tagallalara goşulyşmagy bolsa bedewleriň baş sanynyň artdyrylmagynda, dünýä atçylygynda Türkmenistanyň öňdäki orunlarda ykrar edilmeginde ähmiýetli ädim bolup durýar.
Aýlawlary baglan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek ugrunda ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
TSTP