2024-nji ýylyň 12-nji aprelde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, Türkmenabat şäher häkimliginiň, Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň Medeniýet öýünde Hormatly Prezidentimiziň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Tanyşdyryş dabarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň işgärleri, il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler, hususy telekeçiler we bagtyýar ýaşlar çykyş etdiler. Dabarada täze kitabyň ymgyr many-mazmuna beslenen taryhy maglumatlarynyň üstünde çintgäp durlup geçildi. Gahryman Prezidentimiziň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň bize Oguzhan atamyzdan gözbaş alyp gaýdýan, taryhy müňýyllyklara uzaýan geçmişimizi, milliligimizi geljek nesle wagyz etmeklige goltgy boljakdygy barada buýsançly gürrüňler edildi. Dabaranyň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle ajaýyp kitabynyň bize, türkmen halkyna peşgeş bermeginiň uly buýsançdygy barada bellenildi. Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkyň bagtly we abadan durmuşda ýaşamagyna döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
TSTP