Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabyň neşir edilmegi Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen we “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda watandaşlarymyz üçin ajaýyp sowgat boldy.
Kitabyň girişinde türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasy, Änew medeniýetiniň Sumer siwilizasiýasynyň döwürdeşi bolandygyny subut eden Rafael Pampelli, Wiktor Sarianidi, Wadim Masson ýaly tanymal alymlaryň mynasyp goşantlary barada gürrüň berilýär.
Hormatly Prezidentimiz kitabynda: “Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň” diýip belleýär. Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekýär.
“Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitap köpöwüşginli fotosuratlar we şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň surat eserleri bilen bezelipdir. Türkmen, iňlis we rus dillerindäki eser ýurdumyzyň, şol sanda daşary ýurtlaryň giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni gürrüňsiz özüne çeker.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täze edebi eseriniň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, täze bilimleri öwrenmäge höweslendirmekde, ildeşlerimizi zähmet ýeňişlerine ruhlandyrmakda gymmatly gollanma boljakdygyny belleýär. Ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýaly ýörelgelerden gözbaş alýan milli mirasymyzy içgin öwrenmegi, olary halkara ylmy jemgyýetçilige ýetirmegi döwlet syýasatynda naýbaşy orunda goýýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, gymmatly kitaplarynyň höwri köp bolsun!
TSTP