2024-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň telekeçiler mekdebiniň Daşoguz welaýat bölüminde Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde “Türkmenistan sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar, watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent ýaşlary kemala gelýändigi barada hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak babatynda köp işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusynda hem bellenilip, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek döwlet derejesinde ileri tutulýar we giň goldaw tapýar diýip aýdyldy.
Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga, ýaşlaryň jemgyýetde özlerini doly ykrar etmeklerine gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamy bolup durýandygy dogrusynda bellenildi. Bu maksatnama ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini, ileri tutulýan ugurlaryny hem-de ony amala aşyrmagyň çärelerini beýan edýän ugur görkeziji resminama bolup durýandygy barada hem aýdyldy.
Çärede dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
TSTP