5-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda « Ýurdumyz berkarar-zenanlar bagtyýar» atly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Baharyň ilkinji günlerinde döwlet derejesinde baýram edilip bellenilýän 8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen bu ajaýyp çäre Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde guraldy. Oňa hususy pudakda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.
Uly joşguna beslenen baýramçylyk çäresi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Ýörite sazçylyk mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren şirin owazly aýdymlary gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Onda çykyş edenler ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, medeniýetinde hem-de beýleki ugurlarynda gazanylýan ösüşlerde zenanlaryň uly orunlarynyň bardygyny buýsanç bilen beýan etdiler.
Dabaranyň ahrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.
TSTP