Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Arkadagyň Sarpasy – Pyragynyň paýhasy

2024-nji ýylyň 2-nji martynda “Berkarar” toý mekanynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň hem-de Daşoguz welaýatynyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda gündogaryň beýik akyldary nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp “Arkadagyň Sarpasy – Pyragynyň paýhasy” atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uly dabara, şowhun bilen bellemek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alyp, geçirilen bu aýdym-sazly dabara welaýatymyzyň telekeçilik pudagynyň wekilleri, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdy. Geçirilen aýdym-sazly dabarada Berkarar döwletimiziň ösüşlerini we nusgawy şahyrymyzy taryplap ýaňlanan aýdymdyr-sazlar dabara has-da belent öwüşgin berdi. Dabaranyň dowamynda geçirilen söhbetdeşliklerde ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň milli medeni mirasymyza we nusgawy şahyrlarymyza goýulýan beýik sarpa hem-de olaryň hormatyna döredilýän ýadygärlikler dogrusynda belläp geçdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi we nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligini öwrenmäge döredilýän giň mümkinçilikler hakynda dabaranyň dowamynda geçirilen söhbetdeşlik ýazgylarynda bellenilip geçildi. Geçirilen aýdym-sazly dabara ýurdumyzy ösüşlere tarap batly ädimler bilen öňe alyp barýan Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP