Şu günler ýurdumyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäreler giň gerim alýar “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ajaýyp gününde, ýagny fewral aýynyň 28-ne, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde baýramçylyk çäresi we döredijilik sergisi geçirildi. Ol Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan gurnaldy. Pähim-paýhas ummany Magtymguly pyragy ýyly we Halkara zenanlar güni mynasybetli “Men gözelligi döredýärin” diýip atlandyrylan aýdym-sazly dabarada, “Adam eli gyzyl gül” diýlişi ýaly, baýramçylyk çäresine gatnaşan myhmanlar öz elleri bilen döreden sungat eserleri, el işleri bilen çykyş etdiler. Döredijilik adamlarynyň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň, medeniýet işgärleriniň özboluşly ajaýyp sungat eserleri, milliligimiziň gymmatlygy bolan nepis halylarymyz, gyz-gelinlerimiziň çeper ellerinden çykan el işleri serginiň ajaýyp bezegine öwrüldi. Aýdym-sazly dabaranyň dowamynda gutlaglar aýdylyp, goşgular okaldy we gelin -gyzlarymyzyň waspyna aýdym-sazlar ýerine ýetirildi. Toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzda halkymyzy asuda, parahat durmuşda ýaşadýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözler aýdyldy aýdyldy.
TSTP