Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Nusgalyk kitaplar, eserler, ýaşlaryň – köňül kelamy

Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň hem-de şäheriň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan ýiti galamynyň astyndan syzylyp çykan eserlerini wagyz etmek maksady bilen “Nusgalyk kitaplar, eserler, ýaşlaryň – köňül kelamy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çykyşlarda edenler Gahryman Arkadagymyz özünde çuň pelsepewi pikirleri jemleýän ençeme kitaplaryň awtory hökmünde dünýäde giňden ykrar edilýär. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykýan her bir eseri, ýaşlaryň ýan kitabyna öwrülip giň ykrarnama eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýazýan kitaplary bilen halkymyza aýratyn hem biz ýaşlara egsilmez şatlyk paýlaýar. Çünki ol eserlerde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza hem-de halkymyza çäksiz söýgi bar. Şonuň üçin olar ýaşlarymyzyň iň bir söýüp okaýan eserleri, kitap hazynasynyň bezegidir. Gahryman Arkadagymyz milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýup, olara bagyşlap ençeme eserleri döretdi. Ol eserler okyjylaryň, aýratyn hem, ýaş okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazandy diýip belläp geçdiler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň agzybir işgärleri we agzalary hem, Alym Arkadagymyzyň ýiti galamyndan dörän ajaýyp eserleriniň ähmiýetini ýaşlar köpçüligine giňişleýin düşündirmek, ýaş nesilleri beýik watançylyk ruhunda terbiýelemek wagyz-nesihat, maslahat şeýle hem tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşyklaryny yzygiderlilikde geçirýär. Geçirilýän şeýle çäreleriň her biri, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek-de uly ähmiýete eýedir. Özüniň ajaýyp eserlerini peşgeş berip, halkymyzyň ruhy hazynasyny has baýlaşdyrýan, kitaphana işini has-da kämilleşdirmekde ýakyndan goldaw berýän Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň ujy ýiti bolsun! Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza hem-de ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa ornaşdyrýan Hormatly Prezidentimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza soňsuz alkyşlar aýtdylar. Goý, hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, mertebeleriniň belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.

TSTP