2024-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Daşoguz şäheriniň 1-nji hünärment okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň dabaralanmagy, ýaşlara bildirilýän uly ynam dogrusynda dabaranyň dowamynda çykyş edenler giňişleýin belläp geçdiler. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynyň eziz halkymyz tarapyndan mähirli garşylanandygy, ýaşlarymyzyň ýan kitabyna öwrülendigi baradaky täsirli çykyşlar edildi. Kitapda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýaşlara bildirýän uly ynam we ýaşlarymyzyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda gazanan üstünlikleri barada giňişleýin bellenilip geçilendigi barada çykyş edenler belläp geçdiler.
Dabara ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan döwletli işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.
TSTP