2024-nji ýylyň 13-nji ýanwarda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda O.Muhammetnyýazowyň “Tomus” haryt nyşanly önümçilik kärhanasynda 2024-nji ýylyň şygary boýunça “Gündogaryň beýik akyldary – Magtymguly Pyragy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly uly üstünliklere beslendi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz 2024-nji ýyla hem uly ruhubelentlik bilen gadam basýar.
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda pähim-paýhas ummany bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde bellemek babatda durmuşa geçirilýän işler akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Täze taryhy döwürde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň gurulmagy beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Çykyşlarda telekeçilere berilýän goldawlar-hemaýatlary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.
TSTP