2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň 4-ne Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda TSTB-niň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň mejlisler zalynda TSTP-niň Lebap welaýat komitetiniň işjeň agzalarynyň we Türkmenabat şäherindäki Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramyna bagyşlanan “Pyragynyň söz mülkine syýahat”atly wagyz-nesihat, döredijilik duşuşygy geçirildi. Geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň işgärleri we ilkinji partiýa guramalarynyň ýolbaşçylary, ýaş ýazyjylar çykyş etdiler. Duşuşykda beýik akyldar şahyr, gündogaryň beýik pelsepeçisi Magtymguly Pyragynyň goşgylary okaldy. Ýurdumyzda beýik şahyryň 300 ýyllygy mynasybetli, halkara derejesinde ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli çäreler barada durlup geçildi. Çäräniň dowamynda Hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza halal zähmet çekmek üçin döredip beren mümkinçiliklerine hoşallyk we alkyş sözleri aýdyldy. Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP