Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Türkmenistan dost-doganlyk mekany

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň dünýä döwletleri bilen amala aşyrýan dost-doganlyk ýörelgesi we bu barada Magtymguly Pyragynyň öz ýaşan döwrinde ýazan goşgulary dogrusynda “Türkmenistan dost-doganlyk mekany” atly maslahat duşuşygy geçirildi. 

Duşuşyga gatnaşanlar onuň dowamynda Magtymguly Pyragynyň belent şahsyýeti, dana döredijiligi diňe bir türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň köpasyrlyk taryhynda däl, bütin Gündogaryň giň edebiýat äleminde-de örän uly hadysa bolandygy, şonuň üçin-de onuň çuňňur filosofiýa ýugrulan, pähim-paýhasdan doly, şol bir wagtyň özünde-de ýokary çeperçilik derejesi bilen tapawutlanýan umumadamzat meselesine bagyşlanan ajaýyp poeziýasy dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna gymmatly goşandydygy barada gürrüň etdiler. Şeýle hem, Şahyryň türkmen halkynyň durmuş pelsepesine öwrülen ajaýyp şygyrlary, öňe süren taglymatlary, öwüt-ündewleri we ýörelgeleri bu gün millionlarça adamlaryň ýüregine hem-de duýgularyna örän oňaýly täsir edip, özboluşly durmuş şygaryna öwrülendigi dogrusynda gürrüň etdiler.

Akyldaryň döredijiligi türkmen halkynyň şahyrana pikirleriniň ajaýyp gymmatlygydyr. Ol taryhy asyrlar bilen däl-de, müňýyllyklar bilen ölçenilýän medeni hem edebi mirasyň dowamydyr. Magtymguly dünýägaraýşynyň çuňňurlygy, tebigy zehininiň güýji, ylhamynyň joşgunlylygy, gözýetiminiň giňligi, pähim-paýhasynyň belentligi, kalbynyň päkligi bilen özgelerden aýratyn tapawutlanyp duran kämil hem beýik şahsyýetdir. Şahyryň paýhasa ýugrulan ajaýyp poeziýasy biziň milli guwanjymyzdyr. Akyldar şahyr Watanyny, il-gününi jany-teni bilen söýüpdir, özüniň bütin ömrüni Watanyna bagyşlapdyr. Şonuň üçin hem Watan, il-ýurt, agzybirlik, birleşmek hakyndaky şygyrlary onuň döredijiliginde esasy orny eýeleýär. Magtymguly “Türkmeniň”, “Ýeli Gürgeniň”, “Mert bolmaz”, “Gidiji bolma”, “Gözlär men”, “Döker bolduk ýaşymyz”, “Öňi-ardy bilinmez”, “Depe nedir, düz nedir” ýaly köpsanly goşgularynda agzybir türkmen döwletini gurmak, il-ýurduňy söýmek, beýleki halklaryň wekilleri bilen dost-dogan bolup ýaşamak, ata-enäni hormatlamak, oňa guwanmak we buýsanmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, ylymly-bilimli bolmak, öten-geçenleriň, ata-babalaryň hatyrasyna sadaka bermek ýaly meseleler beýan edilýär.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Beýik akyldaryň pähim-paýhasa eýlenen çuňňur mazmunly, öçmez-ýitmez eserlerini öwrenmäge, dünýä ýaýmaga döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýtdylar.

TSTP