Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda birleşmäniň welaýat boýunça bölüminiň mejlisler jaýynda Halkara Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli “Bitaraplyk dünýä parahatlyk eçilýär” atly maslahat geçirildi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumyadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda alnyp barylýan işler dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar. BMG tarapyndan ykrar edilen dünýäniň bitarap döwleti bolan eziz Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygynyň dabaralaryna badalga berilýär. Bu bolsa dünýäde ählumumy parahatçylygy we ylalaşyklylygy pugtalandyrmagyň, özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan halkara gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de ösdürmegiň bähbidine dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýan döwlet hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny barha belende galdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň berk binýadyna öwrülýär. Halkymyzyň milli ýörelgeleri bilen sazlaşýan hemişelik Bitaraplygymyzyň sebitde parahatçylygyň hem dostanalygyň saklanmagyna hyzmat edýändigi bagtyýar watandaşlarymyzy çäksiz buýsanja besleýär. Hemişelik Bitaraplygymyza esaslanýan berkarar döwletimiziň ynsanperwer syýasatyny, parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny giňden dabaralandyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başy aman bolmagyny dabara gatnaşyjylar arzuw etdiler!
TSTP