Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Hususy pudak ösüş ýolunda

Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz diýarymyzda halkymyz bagtyýar, asuda we bol-elin zamanada ýaşaýar. Ösüşlerden-ösüşlere barýan ýurdumyz ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetip, bedew bady bilen öňe barýar. Halk hojalygynyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda hususy pudagyň ösüşine hem aýratyn uly üns berilýär, hemmetaraplaýyn goldanylýar. Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde telekeçilik işi bilen meşgullanmak üçin ähli oňaýly şertler mümkinçilikler döredilýär. Salgyt ulgamynyň kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär, uzakmöhletleýin karz-pul serişdeleriniň, kärende ýerleriniň berilmegi bolsa bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatlylygyny artdyrmak, daşary ýurtlardan gelýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça berýän tabşyryklaryndan ugur alyp häzirki wagtda telekeçilerimiz tarapyndan giň gerimli işler gyzgalaňly ýagdaýda alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döredilýän şeýle giň mümkinçiliklerden, şertlerden ruhlanyp telekeçiler tarapyndan daýhan hojalyklary, hususy kärhanalar we hususy döwrebap ýyladyşhanalar döredilýär. Olaryň öndürýän hil taýdan ýokary we ekologik taýdan arassa önümleri diňe bir ýurdumyzyň içerki bazarlaryny üpjün etmek bilen çäklenmän eýsem daşary ýurt bazarlarynda hem uly islege eýe bolýar. Häzirki wagtda Obasenagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýar. Çünki ýurdumyzda maldarçylyk, guşçulyk, gök ekerançylyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk, balaryçylyk ýaly ugurlar ýokary depginler bilen ösdürilýär. Oba-hojalyk önümlerini öndürmekde türkmen işewürlerine möhüm orun degişlidir. Olar et, süýt, ýumurtga, balyk, un, şeker, ýag önümleriniň, çaga iýmitleriniň, gök we miwe şireleriniň, agyz suwlarynyň, süýji kökeleriňdir doňdurmalaryň dürli görnüşlerini öndürýärler. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary Akdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän “Zehin açary” hususy kärhanasy, “Perzent Yhlasy” daýhan hojalygy, “Gujagy gülli sähra” daýhan hojalygy, Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän “Gaýratly Türkmen” daýhan hojalygy, Boldumsaz etrabynyň çäginde ýerleşýän “Buýsanç Tugy” daýhan hojalygy, Köneürgenç etrabynyň çäginde ýerleşýän “Uly Ynam” daýhan hojalygy, Şabat etrabynyň çäginde ýerleşýän “Altyn Tug” we “Altyn Gala Gurluşyk” hususy döwrebap ýyladyşhanalaryny belläp geçmek bolar. Şeýle döredilýän giň mümkinçiliklerden şertlerden ýerlikli peýdalanýan daýhan hojalyklarynyň biride maldarçylyk toplumynda öz işini alyp barýan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň çäginde ýerleşýän “Uly Ynam” daýhan hojalygy. Bu ýerde tejribeli hünärmenleriň zähmeti netijesinde, gara mallaryň we dowarlaryň ençemesine göwnejaý ideg edilýär. Daýhan hojalygynyň maldarçylyk toplumynda häzirki wagtda simmental tohumly gara mallaryň 200-den gowragy saklanýar. Şweýsariýanyň çäklerinde kemala gelen bu tohuma degişli mallar, esasan iki ugur boýunça, ýagny et we süýt üçin idedilýär. Bu ýerde idedilýän gara mallardan aýda 8 tonnadan gowrak süýt alynýar. Simmental tohumly gara mallaryň süýdi özboluşly tagamy, ýaglylygy bilen tapawutlanýar. Şoňa görä-de alnan süýt konditer ugurly önümçilik bilen meşgullanýan ýerli telekeçilere şertnamalar esasynda ýerlenilýär. Esasan hem maldarçylyk bilen meşgullananyňda hemişe üns merkeziňde saklamaly meseleleriň biri-de ot-iým meselesidir. Bu babatda “Uly-Ynam” d/h ýeterlik tejribä eýe bolup durýar. Muňa daýhan hojalygynyň işgärleri tarapyndan uzak möhletleýin bölünip berlen 100 gektar ýerde ýorunja, kädi, gant şugundyry, jöwen, mekgejöwen ýaly ösümlikleriň ot-iýmlik hökmünde ösdürilip ýetişdirilmegi aýdyň mysaldyr. Bu ösümlikler mallarda ýokary süýt berijiligi saklamaga, süýdüň ýaglylyk derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Aýratyn bellemeli zat bolsa, bu ýerde degişli ösümlikleri ösdürip ýetişdirmekde dünýä tejribesinde giňden ýaýran gidroponiki usulynyň ulanylýanlygydyr. Gidroponika usuly dünýäde ekologiýa taýdan arassa önümçilik hasaplanyp, ösümlikleri topraksyz, emeli gurşawda ösdürip ýetişdirmegiň bir usulydyr. Gidroponika yssy, gurak şertlerde, suwy tygşytlap, bol hasyl almak üçin iň netijeli çözgüt hasaplanýar. Suwuň gyt ýerlerinde şol sanda Birleşen Arap Emirliklerinde, Ysraýyl, Kuweýt ýaly döwletlerde bu usul giňden ulanylýar. Ysraýylda gök önümleriň, otlaryň, miweleriň 80 göterimi gidroponika usulynda ýetişdirilýär. Häzirki wagtda döredilýän şeýle daýhan hojalyklarynyň, hususy döwrebap ýyladyşhanalarynyň yhlasly zähmetleriniň netijesinde ýurdumyzda oba-hojalyk önümlerini öndürmegiň depgini barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan gelýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde giň gerimli işleri alyp barmak bilen bir hatarda ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýurdumyzda hususy pudagyň mundan beýläk hem ösdürmek babatda alyp barýan taýsyz tagallalary üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan ähli döwletli başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin.

Maksat Meredow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy