Balkan welaýaty ýurdumyzyň ykdysady, medeni, syýahatçylyk taýdan iň möhüm sebitleriniň biridir. Sebitiň ösüşinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň aýratyn orny bar. Häzirki wagtda Awaza diňe bir dynç alyş merkezi bolman, eýsem, giň mümkinçilikleriň, dostlugyň, hyzmatdaşlygyň we ösüşiň mekany hökmünde hem tanalýar.
Hazaryň türkmen kenaryna bezeg berip oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Deňiz kenaryndaky bu täsin tebigy dynç alyş zolagynda ajaýyp şypahana, bejeriş-sagaldyş bölümlerini öz içine alýan myhmanhanalar, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, maşgala bolup dynç almak üçin niýetlenen kottejler, sport toplumlary guruldy. Amatly howa şertleri, Hazar deňziniň kenar ýakasynyň şypahana kuwwaty, döwrebap tehnologiýalardan, innowasiýalardan, öňdebaryjy binagärlik hem-de inženerçilik-tehniki çözgütlerden ugur alynmagy Diýarymyzy halkara syýahatçylygyň, şypahana-dynç alşyň, sportuň ykrar edilen merkezine öwürýär. Awazada dynç alýanlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny, olaryň saglygyny berkitmekleri üçin ýokary derejede hyzmat edilýändigini bellemek gerek. Bu ýerde göwnejaý dynç almak babatda döredilen şertler hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanydyr. Şol syýasatyň esasy maksady Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösüşini, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Gözel Awazada iri halkara forumlar, maslahatlar, medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Olar dürli ýurtlaryň wekillerini bir ýere jemläp, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ösüşi ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ilerletmäge-de goşant goşýar. Şoňa görä, deňiz kenarynda dynç alşyň köpugurly toplumyny özünde jemleýän innowasion şypahana düzümleri işjeň kemala getirilýär. Diňe bir türkmenistanlylary däl, daşary ýurtlardan hem köp sanly myhmanlary özüne çekýän syýahatçylyk zolagynyň ägirt uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak bu giň möçberli taslamany durmuşa geçirmegiň esasy maksadydyr.
Täze taryhy döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Türkmenistanda hususyýetçiligi ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Balkan welaýatynda hem hususy pudagyň paýy ýylsaýyn ýokarlanýar. Döwletimiziň ylmy-tehnologik özgertmeler syýasatyny amala aşyrmakda, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileri uly işleri alyp barýarlar. Täze ykdysady ugruň hereketlendiriji güýjüne öwrülen hususyýetçiler wajyp ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirip, milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna saldamly goşant goşýarlar. Hususy ulgamda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümleri öndürmäge niýetlenen döwrebap önümçilikler işe girizilýär. Şeýle-de olar içerki bazary ýokary hilli önümler bilen üpjün edip, eksport ugurlaryny giňeldýärler.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilmegi hususy telekeçiler üçin hem giň mümkinçilikleri açýar. Soňky ýyllarda bu ýerde myhmanhana hyzmatlary, jemgyýetçilik iýmiti, söwda merkezleri, ulag hyzmatlary, syýahatçylyk bilen baglanyşykly beýleki ugurlar hususy pudagyň işjeň gatnaşmagynda ösdürilýär. Telekeçileriň gatnaşmagynda gurlan döwrebap desgalar Awazanyň gözelligini artdyryp, ajaýyp künjege dynç almaga gelýänlere ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýär. Şeýle taslamalar ykdysady ösüşi çaltlandyrmak bilen birlikde, welaýatyň maýa goýum mümkinçiliklerini hem artdyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda telekeçilige döwlet tarapyndan berilýän goldaw geljekde hem dowam etdiriler. Ähli ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň, abadançylygymyzyň gözbaşy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň saýasynda telekeçilerimiziň mundan beýläk-de yhlasyny gaýgyrman, tutanýerli zähmet çekjekdiklerine berk ynanýaryn» diýen sözlerinden ruhlanyp, Balkan welaýatynda-da hususy pudagyň ösüşiniň geljekde-de depginli dowam etdiriljekdigini ynam bilen aýdyp bileris. Çünki döwlet tarapyndan döredilýän amatly işewürlik şertleri, berilýän ýeňillikler we goldawlar täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine giň ýol açýar.
Halkymyzyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy, ýurdumyzda hususy pudagyň giň gerimde ösdürilmegi babatda ägirt uly mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Toýmämmet HAJYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.