Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

TÜRKMEN TELEKEÇILERINIŇ GURLUŞYK PUDAGYNDAKY TÄZE SEPGITLERI

Gurluşyk pudagy milli ykdysadyýetiň okgunly ösýän pudaklarynyň biri bolup, ýurdumyzyň döwrebap keşbini kemala getirmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda rowaçlyga beslenmegi netijesinde, soňky ýyllarda Türkmenistanyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň tutýan orny düýpli ýokarlandy. Ýurdumyzyň gurluşyk toplumynda iş alyp barýan telekeçiler diňe bir ýerli taslamalar bilen çäklenmän, eýsem, halkara ülňülerine laýyk gelýän çylşyrymly inženerçilik desgalarynyň gurluşyklaryny hem ynamly özleşdirýärler. 

​Arkadag şäheri türkmen telekeçileriniň mümkinçiliklerini we ýeten sepgitlerini görkezýän iň iri meýdançadyr. Bu ýerde gurluşygyň birinji tapgyrynda hem, ikinji tapgyrynda hem milli gurluşyk düzümleri esasy orny eýeleýär. Hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri Arkadag şäherinde «akylly» ulgamlary, sanly dolandyryşy we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda ýokary ussatlygy görkezdiler.

Durmuş desgalarynyň gurluşygy täze şäheriň ýene bir möhüm ugurlarynyň biridir. Döwrebap mekdepler, çagalar baglary, medeniýet merkezleri we ýaşaýyş jaýlarynyň toplumlary ýaly desgalaryň ençemesi türkmen hünärmenleriniň taslamalary esasynda guruldy. Bu taslamalar ýerli telekeçileriň şäher infrastrukturasyny toplumlaýyn döretmäge ukyplydygyny subut etdi.

​Türkmen telekeçileriniň halkara derejesine çykmagy olaryň hünär derejesiniň ýokarlanýandygynyň aýdyň görkezijisidir. Muňa aýdyň mysal hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy esasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuly şäherinde gurulýan metjidi görkezmek bolar. Bu taslama türkmen gurluşykçylarynyň çeperçilik we binagärlik ukybyny halkara giňişlikde tanadar. Bu bina diňe bir dini desga bolman, eýsem, türkmen binagärlik mekdebiniň milli öwüşginlerini özünde jemleýän, çylşyrymly inženerçilik çözgütlerini özünde jemleýän möhüm taslamalar. Munuň özi türkmen gurluşykçylarynyň daşary ýurt bazarlaryna çykmaga we dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyply bolmaga doly taýýardygyny görkezýär.

Häzirki döwürde türkmen işewürleri durmuş-ykdysady ugurly taslamalaryň ençemesini durmuşa geçirýär. Şolaryň hatarynda suw desgalary gurluşyk pudagynyň iň jogapkärli we tehniki taýdan kyn ugurlarynyň biridir. Türkmen telekeçileri häzirki wagtda lagym arassalaýjy desgalary, suw howdanlaryny we suwaryş ulgamlaryny gurmakda baý tejribe topladylar.

Suw desgalaryny gurmakda häzirki zaman ýapyk suw geçiriji ulgamlar, suwy arassalaýjy enjamlar we awtomatlaşdyrylan gözegçilik ulgamlary ulanylýar. Bu bolsa, telekeçilerimiziň inženerçilik we taslamalaşdyryş pudagynda iň täze tehnologiýalary özleşdirendigini görkezýär.

​Ekologiýa talaplary we durnuklylyk ösüş bilen bagly ugurlara aýratyn ähmiýet berilýär. Suw gorlaryny netijeli ulanmak boýunça döwlet syýasatyny goldamak bilen, hususy düzümler suw ýitgileriniň öňüni almaga gönükdirilen innowasion çözgütleri teklip edýärler. Bu bolsa gurluşyk pudagynyň diňe bir ykdysady däl, eýsem, ekologiki tarapdan hem döwrebaplaşýandygyny görkezýär. 1-nji iýulda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleri innowasion tehnologiýalar we häzirki zaman usullar arkaly suwarmak üçin türkmen telekeçileri tarapyndan bina edilen 21-nji we 22-nji suw göteriji beketleriň açylmagy hem munuň nobatdaky aýdyň mysallarydyr.

​Häzirki wagtda türkmen telekeçileri diňe bir gurluşykçy däl, eýsem, inženerçilikde we öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmakda ussat hünärmenler hökmünde tanalýar. Arkadag şäherindäki toplumlaýyn işler, Azerbaýjandaky halkara taslamalar we suw hojalygyndaky inženerçilik çözgütleri ösüşleriň diňe bir bölegidir. Ýerli telekeçileriň bu gazananlary Türkmenistanyň ykdysady garaşsyzlygyny berkitmekde we ýurduň binagärlik keşbini has-da baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary hem-da ýadawsyz tagallalary esasynda halk hojalygynyň pudaklarynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmeler şu günki hem-de geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny nazarlaýar.  Ýurdumyzy sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun!

Şemşat BAÝRAMGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Umumy bölüminiň müdiri.