Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň esasy maksady, ýurdy döwrebaplaşdyrmakdan, halkyň eşretli ýaşaýyş-durmuşynyň, abadançylygynyň hemme tarapdan kämilligini üpjün etmekden ybaratdyr. Hiç bir babatda dünýä siwilizasiýasyndan üzňe bolmazlyk, ýurdy, her bir pudagy, zähmetkeşler toparyny, maşgalany parahatçylygyň, sahawatlylygyň, adalatyň we ynsanperwerligiň ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap, maksada okgunly alyp gitmek Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli oňyn başlangyçlarynyň we dowamatyň asyl nusgasy hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldamagynda giň gerime eýe bolýar. Häzirki döwürde Türkmenistanyň ykdysadyýetinde iri, orta we kiçi kärhanalar bilen bir hatarda, maşgala we ýekebara zähmete esaslanyp telekeçilik işleri alnyp barylýar. Döredilýän kärhanalaryň ululygy pudaklaryň aýratynlyklaryna, tehnologiýalaryň ösüş badyna bagly bolup durýar. Aýry-aýry pudaklary depginli ösdürmek işi, köp möçberde maýa goýumlary we iri önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegini talap edýär, beýleki pudaklary bolsa, tersine, uly däl-de, kiçi kärhanalaryň döredilmegi arkaly has netijeli ösdürip bolýar diýlip, hasap edilýär. Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini has-da artdyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeler kabul edilen toplumlaýyn döwlet Maksatnamalarynda bellenen esasy ugurlar boýunça üstünlikli alnyp barylýar. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde bazar-ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak, döwlet eýeçiliginiň dolanyşygyny yzygiderli kämilleşdirmek ösüşleriň zerur şerti bolup çykyş edýär. Ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmakda telekeçilik işiniň ähmiýeti uludyr. Döwletimiz hususy telekeçiligi ösdürmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirmek bilen, telekeçilik ulgamynyň ýurduň jemi içerki önüminde tutýan paýyny yzygiderli artdyrmagy, şunuň bilen baglylykda hem, ilatyň girdejisini ýokarlandyrmagy nazarda tutýar. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde nyrhlar önümçiligiň möçberini we düzümini, maddy akymlaryň hereketini, harytlaryň öndürilýän we ýerlenilýän möçberini, bularyň hemmesiniň netijesinde hem, jemgyýetiň durmuş hal-ýagdaýynyň derejesini kesgitlemekde möhüm orny eýeleýär. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligini artdyrmak, ýurdumyzyň eksport harytlarynyň möçberini köpeltmek, elektron senagaty döretmek boýunça maksatnamalar netijeli durmuşa geçirilýär. Olaryň amala aşyrylmagyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň agzalary hem mynasyp goşant goşýarlar. Döwlet Baştutanymyz pul-karz we maliýe ulgamyna bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça anyk çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtap, telekeçilik ulgamynyň paýynyň artdyrylmalydygy hem-de onuň halk hojalyk toplumynda işjeň orun eýelemeginiň üpjün edilmelidigi barada pikirini aýtdy. Şu maksatlar bilen, kiçi, orta we iri hususy kärhanalara goldaw bermegi dowam etmek, hususy işewürlik üçin karz beriş maksatnamasyny giňeltmek, aýratyn-da, welaýatlarda täze iş orunlaryny döretmek maksatnamasyny düýpli seljermek barada görkezme berildi. Bu çäreler döwlete degişli bolmadyk ulgamyň wekilleriniň hem-de ýurduň raýatlarynyň işjeňligini höweslendirmek arkaly ozalky iş orunlaryny saklamaga we täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilendir. Telekeçiler döwletiň azyk garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýärler we öňlerinde goýlan maksada ýetmäge ymtylýarlar. Şol maksat bolsa Türkmenistany eksport ugurly kuwwatly ykdysadyýeti bolan ýurda öwürmekden ybaratdyr. Hususy önüm öndürijiler obasenagat toplumynyň özgerdilmegine goşantlaryny goşup, önümçilige, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, täze suwarymly ýerleri özleşdirmegiň, şol ekerançylyk ýerlerinde goşmaça oba hojalyk ekinlerini ekmegi, üsti ýapyk toprakda ýylyň dowamynda gök önümleri ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýän ýyladyşhana hojalyklaryny guramagyň hasabyna hasyllylygyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýärler. Bu bolsa içerki bazarlary haryt bilen baýlaşdyrmaga hem-de önümleriň eksporta iberilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler bakja, gök we miwe önümleriniň, ekzotik önümleriň önümçiligini yzygiderli artdyrýarlar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, olara bildirilýän ekologik hem-de howpsuzlyk kadalaryna-da laýyk gelmelidigini nygtaýar. Ýurdumyzyň kärhanalarynyň alan ISO we NASSR halkara güwänamalary olaryň azyk önümleriniň hiliniň ýokarydygyna hem-de ekologik taýdan howpsuzdygyna şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşünde möhüm orun eýeleýän telekeçilik ulgamy hem barha ösýär bu ugurda zähmet çekýän Hormatly senagatçylar we telekeçiler! Goý, alyp barýan asylly işleriňiz ýurdumyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň beýany bolsun. Şu pursatdan peýdalanyp Goý, ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelýän işewür telekeçilik bilen meşgullanýan ýaşlara giň ýol açýan we beýik işleri durmuşa geçirýän Hormatly Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsun aýdýarys. Goý, Hormatly Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işlerinde mundan hem beýläkde rowaç alsyn!
Aýbibi NURGYLYJOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň baş hasapçysy.