Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

BITARAPLYK – PARAHAT WE ABADAN ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Hemişelik Bitaraplyk statusy Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň içerki we daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasy bolup, ýyllaryň dowamynda ýurdumyzy dünýä derejesinde uly üstünliklere hem-de belent sepgitlere ýetirdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk statusy Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň 50-nji mejlisinde, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýörite Kararnamalar esasynda üç gezek biragyzdan ykrar edildi. Bu bolsa dünýä taryhynda ilkinji we ýeke-täk tejribedir. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz dünýäniň 150-den gowrak döwleti bilen diplomatik, dost-doganlyk gatnaşyklary saklaýar we 50-ä golaý abraýly halkara guramalaryň agzasy bolup durýar. Döwletimiz dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda iri halkara guramalary bilen diňe bir özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen çäklenmän, eýsem, şol hyzmatdaşlygyň dostlukly hem-de umumadamzat jemgyýetçiliginde asudalyk syýasatyny öňe sürýän oňaýly gatnaşyklardan ybarat bolmagy ugrunda taýsyz tagallalar edýär. Türkmenistan sebitde we dünýäde gapma-garşylyklary diňe diplomatik we parahatçylykly ýollar arkaly çözmegiň tarapdary hökmünde çykyş edýär. 

Döwletimiziň Bitaraplygy ata-babalarymyzyň asyrlar boýy kemala getiren parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen häzirki wagt-da hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowamat - dowam bolýan «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilýär. Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça halkara ulag geçelgeleri döredilýär, energiýa serhetlerini diwersifikasiýa etmekde uly sepgitler gazanylýar. Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygy we Bitaraplygy milli ösüşiň goşa ganaty hasaplanyp, ykdysady üstünlikler ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga we parahat asman astynda ýaşamagyna gönükdirilendir.

Özygtyýarly ösüş ýyllarynda berkarar döwletimiz halkara şertnamalaryň we konwensiýalaryň köp sanlysyna goşulyşmak bilen, özüniň daşary syýasat strategiýasynyň şertnama-hukuk binýadyny yzygiderli giňeldýär we berkidýär. Doly derejeli halkara hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmekde belent maksatlara eýermek hem-de parahatçylyk söýüjilikli gymmatlyklaryň ileri tutulmagyna esaslanmak bilen, häzirki wagtda döwletimiz ählumumy ösüşiň esasy wezipeleriniň üstünlikli çözülmegini, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini dünýä giňişliginde wagyz etmegi, daşary ykdysady gatnaşyklary yzygiderli giňeltmegi hem-de diwersifikasiýalaşdyrmagy amala aşyrýar.Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermek, demokratik, hukuk, dünýewi döwleti gurmagyň milli nusgasyny saýlap alan Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň baş maksadydyr. 

Şunda Türkmenistan dünýäniň geosyýasy giňişliginde öz ornuny yzygiderli pugtalandyrýar hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda milli bähbitleriň berjaý edilmegi ugrunda üýtgewsiz garaýyşlaryny öňe sürýär. Ählumumy syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni, ynsanperwer we beýleki möhüm meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşmak bilen, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda öz mümkinçiliklerini giňeldýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ýurdumyza halkara giňişlikde okgunly ösmäge mümkinçilik berdi, içerki abadançylygy üpjün etdi hem-de oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli zerur şertleri döretdi. Şunda häzirki zamanyň ählumumy ösüş meýillerini bitewi, üznüksiz kabul etmek ukyby Garaşsyz türkmen döwletiniň dünýä giňişliginde amala aşyrýan daşary syýasatynyň we üstünlikli diplomatik işiniň möhüm şertleriniň biridir. 

Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde Türkmenistanyň dünýä syýasatynda, ykdysadyýetinde eýeleýän mynasyp orny häzirki wagtda has aýdyň duýulýar. Bu bolsa ählumumy hyzmatdaşlyk babatda täze wezipeleri, ösüşiň gerimini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan geljekde hem dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Bitaraplyk syýasatyny üýtgewsiz dowam eder. Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, hoşniýetli erk-islege daýanýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, Ýer ýüzünde durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly esasy ýörelgeler Garaşsyz türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galar.

Eziz Diýarymyz döwletara birleşikler, halkara guramalar hem-de forumlar bilen toplumlaýyn we netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegi daşary syýasatynyň möhüm wezipesi hökmünde dowam etdirýär. Şeýle gatnaşyklar dostluk, açyklyk, köpugurlylyk ýörelgelerine esaslanýar we halkara dialoga gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbitleriniň berjaý edilmegi göz öňünde tutulýar. Dünýäniň tutuş adamzady tolgundyrýan möhüm wezipeleri ara alynyp maslahatlaşylanda hem-de olary çözmegiň gurallary işlenip taýýarlanylanda, Türkmenistanyň eýeleýän netijeli we işjeň orny dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde belent abraýyny saklamaga hem-de berkitmäge mümkinçilik berýär, ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýynyň pugtalandyrylmagyna, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň üpjün edilmegine ýardam berýär. Şunda Bitarap döwlet hökmünde Ýurdumyzyň aýratyn halkara derejesi, geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň artykmaçlyklary, örän baý serişdeler kuwwaty, parahatçylyk döredijilik syýasatynda toplan oňyn tejribesi we döwletara gatnaşyklarda ýüze çykýan meseleleri gapma-garşylyksyz çözmek ýoluna ygrarlylygy parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine öňe sürýän öz teklipdir başlangyçlaryny mundan beýläk-de netijeli ilerletmäge mümkinçilik berýän şertlerdir.

Durmuş-syýasy durnuklylyk, ykdysady, maýa goýum işewürligi üçin zerur şertleriň döredilmegi, ýurdumyzda açyk we durnukly maliýe ulgamynyň kemala getirilmegi, örän baý tebigy serişdeleriň, logistik kuwwatyň netijesinde, Türkmenistan döwletimiz özbaşdak ösüşiniň tutuş dowamynda ähli ugurlar boýunça hem-de hyzmatdaşlygyň dürli görnüşlerinde netijeli halkara gatnaşyklaryň oňyn nusgasyny görkezýär. Bu bolsa Türkmenistanyň daşary syýasat garaýyşlarynyň oýlanyşyklydygy ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ýörelgelerini durmuşa geçirmäge, ähli döwletleriň we halklaryň abadançylygynyň bähbidine özara ynanyşmak we düşünişmek, deňhukuklylyk ýagdaýynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyny dabaralandyrmakda, ýurdumyzyň halkara abraýyny dünýä derejesinde has-da belende galdyrmakda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.