Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

JÖWHER PAÝHASYŇ GUDRATY

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda berkarar döwletimiziň gazanýan ösüşleriniň iň belent we aýdyň nusgasy bolan Arkadag şäheriniň açylyp ulanmaga berilmegine üç ýyl dolýar. Milli Liderimiziň başlangyjy we hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde Arkadag şäheri türkmen halkynyň milli binagärlik däplerini dünýäniň iň döwrebap arhitektura-inženerçilik çözgütleri bilen sazlaşykly utgaşdyryp, gözüňi guwandyrýan ylham çeşmesine öwrüldi. Binagärlik keşbi bilen tapawutlanýan şäheriň desgalarynyň we binalarynyň hersi özboluşly sungat eserine çalym edýär. Olar diňe bir gözelligi bilen däl, eýsem, ýaşaýjylara ýetirýän uly peýdasy bilenem tapawutlanýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen 350 orunlyk Köpugurly hassahana, 150 orunlyk Onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, Saglyk öýi we beýleki düzümler şäherde raýatlaryň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan döwlet syýasatynyň dabaralanýandygyny tassyklaýar. Kämil şäher şol bir wagtyň özünde ruhy-medeni galkynyşyň hem-de ylym-bilimiň gülleýän mekanydyr. «Ruhyýet» köşgi, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, şöhratly taryhymyzyň ajaýyp gymmatlyklaryny aýap saklaýan Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki we beýlekiler bu hakykaty äşgär edýän desgalardyr. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi we beýleki ýöriteleşdirilen mekdeplerdir çagalar baglary ýaş nesle kämil derejede bilim we terbiýe bermek ugrundaky tagallalaryň rowaçlanmagyna ýardam edýär. Birinji tapgyrda şäheriň ähli innowasion inženerçilik we kommunikasiýa ulgamlarynyň berk binýady tutuldy. Häzirki wagtda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyk işleri güýçli depginde dowam edýär. Meýilnama laýyklykda, bu ýerde ýene-de ýüzlerçe dürli maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygy göz öňünde tutulandyr. Bu tapgyr, esasan, şäheriň senagat, ykdysady we hyzmatdaşlyk kuwwatyny berkitmäge, innowasion tehnologiýalar we önümçilik bilen bagly düzümlerini döretmäge gönükdirilendir. Ikinji tapgyryň çäginde ekologik taýdan arassa önümçilik kärhanalary we beýleki durmuş desgalary gurulýar. Islendik şäheriň ösüp-örňemegi ýokary hilli durmuş şertleri bilen birlikde, ýaşaýjylar üçin ykdysady-işewürlik mümkinçilikleriň döredilmegine baglydyr. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry ýurduň ykdysady durnuklylygyny üpjün etmekde uly sepgitleri açýar. Şäheriň ykdysady we senagat strategiýasynyň özenini ýerli çig mallara esaslanýan we ekologik talaplara doly laýyk gelýän önümçilikleri ýola goýmak ýörelgesi düzýär. Şunda döredilýän iri lukmançylyk klasteriniň orny uludyr. Şeýle hem täze gurulýan Çeper halyçylyk kärhanasy hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýi ykdysady we medeni taýdan aýratyn ähmiýete eýedir. Şöhraty dünýä dolan türkmen halyçylyk sungatynyň gadymy däplerini häzirki zaman tehnologik mümkinçilikleri bilen utgaşdyrjak bu döwrebap düzümler ýüzlerçe täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder. Bu ýerde öndüriljek ajaýyp halylar diňe bir täze şäheriň durmuş binalaryny bezemek bilen çäklenmän, eýsem, milli gymmatlyklarymyzy bütin dünýäde dabaralandyrar. Şu ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar hem uly ruhubelentlige beslenip, buýsançly zamanamyzyň bagtyýarlygynyň nobatdaky nyşanyna öwrüldi. Arkadag şäheri ýurdumyzyň gülläp ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny, döwrümiziň belent ruhuny, halkymyzyň döredijilik kuwwatyny bütin dünýä äşgär edýär. Bu şäher Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda şu günki hem geljekki nesiller üçin döredilýän bagtyýar durmuşyň nyşanydyr.

Arslan TÄŞLIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy.