Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

EKSPORT UGURLY ÖNÜMÇILIK GIŇELDILÝÄR

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan hususy işewürlik bedew batly ösüşlere beslenýär. Hususy ulgamy ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, ak bazarlarymyzy azyk we senagat önümleri bilen yzygiderli üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda möhüm orny eýeleýär. Ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürip, döwrümiziň belent maksatlaryna ýetmekde balkanly telekeçiler hem yhlas-başarnyklaryny gaýgyrman, önjeýli işleýärler.

Bereket etrabynyň çägindäki «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň guşçulyk, ekerançylyk we maldarçylyk ugurlary boýunça iş alyp barmakda, diňe bir welaýatda däl, eýsem, tutuş ýurdumyzda-da tanalýandygyny bellemek bolar. Daýhan hojalygynyň 10 gektar meýdanda ýerleşýän, kuwwaty ýylda 8 — 16 million ýumurtga öndürmäge niýetlenen döwrebap guşçulyk toplumynda towuklary talabalaýyk idetmek we köpeltmek üçin ähli şertler bar. Bu ýerde idedilýän towuklar, esasan-da, ýumurtga berijiligi bilen tapawutlanýar. Toplumyň önüm öndürijiligi gün-günden artyp, häzirki wagtda günde 4 müň ýumurtga alynýar.

Ýakynda daýhan hojalygynda ýylda 12 million jüýje çykarmaga niýetlenen inkubator toplumy işe girizildi. Telekeçiler ýurdumyzda ilkinjileriň biri bolup, inkubasiýa boýunça taslamany durmuşa geçirdiler. Bu usul broýler guş etini hem-de ýumurtgany senagat möçberinde öndürmäge mümkinçilik berýär. Şunda häzirki zaman guşçulyk pudagynda synagdan geçirilen tehnologiýadan peýdalanylýar. Guşçulyk toplumynda öndürilýän «Nurly meýdan» haryt nyşanly ýumurtga we et önümleri söwda nokatlarynyň üsti bilen ilata ýetirilýär. Bu ýerde sagatda 10 tonna iým öndürýän zawod bolup, onda mallar üçin ot-iým önümçiligi ýola goýuldy.

Balkanabat şäherindäki «Altyn nur zamany» hususy kärhanasynyň hem ýurdumyzyň azyk bolçulygyna mynasyp goşandynyň bardygyny bellemeli. 400 inedördül metre golaý meýdanda ýerleşýän, daşary ýurtlaryň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylan ýyladyşhanalaryň 12-sinde kömelegiň iki görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Hususy kärhanada 50-den gowrak işçi-hünärmeniň zähmeti bilen her günde ortaça 150 kilograma golaý hasyl ýygnalyp, ter kömelekler, şeýle-de olaryň aýna gaplardaky konserwirlenen görnüşleri elýeterli bahadan ilata hödürlenýär. Telekeçiler dürli miwelerden şerbetdir mürepbe taýýarlamak we gaplamak işlerini hem ýola goýdular. Munuň özi olaryň öndürýän azyk önümleriniň ýylyň ähli paslynda mukaddes saçaklarymyza bezeg berýändigini aňladýar.

Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän «Senagat plastik», «Ak gaýa» hojalyk jemgyýetleriniň ýokary hilli senagat önümlerini öndürmekde baý tejribe toplandyklary buýsandyrýar. Basyş astynda guýma usulyndaky poddon önümçiligi bilen meşgullanýan «Senagat plastik» hojalyk jemgyýetiniň işçi-hünärmenleri tarapyndan ýük göterijilik kuwwaty bilen tapawutlanýan bir gatlakly, dürli ölçegdäki plastik poddonlaryň ýylda 480 müňüsi öndürilýär. Importyň ornuny tutýan, eksport ugurly bu önümde guramak, çüýremek, jaýrylmak howpy ýok. Şonuň üçin hem ol müşderiler tarapyndan uly islegden peýdalanýar. Täzeçilligiň gözleginde bolan işewürler ýakynda suw süzgüçleri üçin niýetlenen polipropilen çig malyndan kartij önümçiligini hem ýola goýdular. Täze önüm gündelik ulanylýan suwy goşmaça arassalamakda oňaýly hasaplanýar.

Gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi bilen meşgullanýan «Ak gaýa» hojalyk jemgyýetiniň önümleri ýurdumyzda alnyp barylýan düýpli gurluşyklarda giňden ulanylýar. Bu hojalyk jemgyýetiniň önümçilik binasynda Türkiýäniň döwrebap enjamlary ornaşdyrylan. Olaryň kömegi bilen bu ýerde gurluşyk garyndy serişdeleriniň ýylda 78 müň tonnasy, gipsokarton önümleriniň 8 million inedördül metre golaýy öndürilýär. Önüm üçin çig malyň tebigy känlerden alynmagy harytlaryň ekologik taýdan arassa, ýokary hilli bolmagyna getirýär. Munuň özi hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň daşarky bazarlarda hem mynasyp ornunyň bardygyny aňladýar.

LED elektrik çyralaryny öndürýän «Rysgally nesip» hojalyk jemgyýeti Balkanabat şäherinde ýerleşýär. Işewürler täze taryhy döwürde gurulýan owadan binalardyr desgalara, köçe-ýollara, seýilgählere ýalkym saçýan «Çyrag» haryt nyşanly önümleriň ondan gowrak görnüşini öndürýärler. Geljekde önümleriň görnüşlerini ýene-de artdyrmagy maksat edinýän telekeçiler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uludan belleniljek hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak ugrunda has yhlasly işleýärler.

Toýmämmet HAJYÝEW, TSTP-niň Balkan welaýat komileliniň başlygy.